Hindistanyň polisiýasy özüni toslanan döwletleriň ilçisi diýip tanyşdyran adamy sakladylar. Ol Deliniň eteginde ilçihana açyp, adamlara daşary ýurtlarda iş hödürläpdir. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berdi.
Uttar-Pradeş ştatynyň polisiýasynyň wekili Suşil Guleniň aýtmagyna görä, tussag edilen raýat diplomat hökmünde Seborgi we Westartidy diýen galp döwletleriň adyndan iş alyp barypdyr. 47 ýaşly Harşwardhan Jaýn özüni bu toslanan ýurtlaryň ilçisi ýa-da geňeşçisi hökmünde tanadyp, adamlardan kezzaplyk ýoly bilen pul alyp, daşary ýurtlarda iş hödürläpdir.
Galp «ilçihana» paýtagtyň etegindäki kärendesine alnan öýde ýerleşipdir. Polisiýa ol ýerden galp diplomatik belgili awtoulaglary, 4,5 mln rupiýa, köp möçberde daşary ýurt puluny alypdyr. Öýde şeýle-de Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň we 30 töweregi beýleki döwletleriň galp möhürleri tapylypdyr. Polisiýa şeýle hem Jaýnyň hamala dünýä liderleri bilen düşen galp fotosuratlaryny ele salypdyr.
Derňew işleri dowam edýär diýlip, habarda bellenýär.
