Hytaýyň çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň sany çaga dogluşynyň pese gaçmagy bilen baglylykda, soňky dört ýylda 25 göterim azaldy diýip, ýurduň Bilim minsitrligine salgylanýan «Financial Times» gazeti ýazýar.
2020 – 2024-nji ýyllarda çagalar baglaryna barýanlaryň sany 12 million azalypdyr. 3-den 5 ýaş aralygyndaky çagalaryň terbiýelenýän bakja-baglarynyň sany hem 295 müň bolanlygyndan 41,5 müňe çenli kemelipdir diýip, gazet habar berdi.
Mekdebe çenli ulgamyň kemelmegi Hytaýda demografik pese gaçyş bilen bagly işewürlik we syýasatçylar üçin kynçylyklary duýdurýar diýlip, habarda aýdylýar.
Gonkong uniwersitetiniň garramak barada ylmy merkeziniň direktory Stýuart Gitel-Basteniň sözlerine görä, soňky 5-10 ýylda dogluşyň azalmagy örän ýokarlandy.
Hünärmenler dogluşyň kemelmegine 1979-2015-nji ýyllarda hereket eden «bir maşgala — bir çaga» syýasatynyň, şeýle hem şäherleşmäniň artmagynyň netijeleri hökmünde baha berýärler. Mysal üçin, 2024-nji ýylda HHR-de şäherlileriň sany 10,83 million artyp, 943,5 mln adama deň bolupdyr. Öz nobatynda oba ilatynyň sany 464,78 mln adama çenli azalypdyr.
Ýurduň häkimiýetleri dogluşy höweslendirmek ugrunda çäreleri kabul edýärler. Mysal üçin, geçen 2024-nji ýylda uniwersitetlerde maşgala we nika temalaryny bilim maksatnamalaryna girizmek maslahat berildi. Emma hünärmenler durmuş syýsatynda giň möçberli özgertmeler geçirilmese, bu tagallalaryň uly netije bermejekdigini aýdýarlar.
