Rowaýaty amerikan aktýory we restleri Halk Hogan 71 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan «rg.ru» habar berdi.
Aktýoryň ölümine ýüreginiň durmagy sebäp bolupdyr.
Neşiriň ýazmagyna görä, Hoganyň öýünden ýüreginiň agyrýandygy barada jaň gelipdir, lukmanlar onuň öýüne barypdyrlar. Aktýory «Tiz kömek» ulagynda äkidipdirler, emma ony halas etmek başartmandyr.
Halk Hogan (hakyky ady Terri Jin Bollea) dünýäde giňden tanalýan restlerdir, ol 1980-nji ýyllarda meşhurlyk gazandy. Halk Hogan kinoda hem birnäçe keşpleri döretdi, «Gremlinler 2» (1990), «Jenap eneke» (1993) atly meşhur komediýalarda surata düşdi.
