Ýapon alymlary ummanda dargamaga ukyply, ekologik taýdan arassa plastik oýlap tapdylar. LAHB diýlip at berlen plastigi synag wagtynda 855 metr deňiz çuňlugyna goýberdiler. 13 aýda ol öz agramynyň 80 göterimden gowragyny ýitirdi. Şu döwürde adaty plastmassalar düýbünden üýtgemän galýardy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Täze plastik modisifirlenen içege taýajygyny peýdalanmak bilen, biosintezlenen laktat esasly poliefirdir. Synag döwründe ol pes amtosferaly, ýokary basyşly we duzly, kislorodyň ýetmezligi ýaly şertler bolan çuňluga goýberildi. Bu agzalan şertler plastigiň dargamagyny kynlaşdyrýar. Synlamalar şeýle şertlerde-de LAHB plastiginiň işjeň dargaýandygyny görkezdi. Netijede, plastik kömürturşy gaza, suwa we beýleki zyýansyz birleşmelere öwrülýär.
Dünýä ummanynyň plastik bilen hapalanmagy barha ýiti ekologik meselä öwrülýär. Ylmy barlaglar diňe 2019-njy ýylda dünýäde 353 million metr tonna plastik galyndylarynyň öndürilip, onuň 1,7 milliona golaýynyň suw ekoulgamlaryna düşendigini görkezdi. Galyndylaryň agramly bölegi umman akymlaryna düşüp, zibil adalaryny emele getirýärler, şeýle adalar Ýuwaş, Atlantik we Hindi ummanlarynda duşýar diýip, «Polymer Degradation and Stability» neşiri habar berýär.
