Ylmy barlaglaryň dowamynda 15 müň 334 sagdyn adamyň pandemiýadan öň toplanan maglumatlary öwrenildi.
COVID-19 pandemiýasy döwründe kesel ýokuşandygyna ýa-da ýokuşmandygyna garamazdan, adamlaryň beýnisiniň garramagy çaltlandy. Bu barada britan alymlarynyň «Nature Communications» žurnalynda çap edilen ylmy makalasyna salgylanýan «NBC News» habar berdi.
Ylmy barlaglaryň barşynda 15 müňden gowrak adamyň pandemiýadan öňki saglyk ýagdaýy boýunça maglumatlar barlandy. Soňra arasy 2-3 ýyl bolan skanirlenmegi geçen 996 sany adamyň beýnileriniň hasabaty öwrenildi. 564 adamdan ybarat topar ýokançdan öň iki gezek barlagdan geçse, galan 432 adam COVID-19 ýokanjyndan soňra 2021-2022-nji ýyllarda beýnisini barladan ekeni.
Netijede, adamlaryň beýnisiniň iki ýylda bolmalysyndan 5,5 aý tiz garrandygy anyklandy. Koronawirus ýokuşanlarda şeýle-de akyl ukyplary, şol sanda habarlary işlemek we akyl çeýeliginiň tizligi peselipdir.
Beýni garramagy has-da erkeklerde we pes güzeranly adamlarda hasaba alyndy. Ylmy barlaglaryň awtory Ali Reza Mohammadi Nejadyň sözlerine görä, beýniniň ýagdaýy diňe koronawirusa bagly bolman, eýsem, durmuş tejribesine hem dahyllydyr. Alymlar bu üýtgeşmeleriň çäklendirmeler, sosial üzňelikler we ýokanç bilen kesellemek gorkusy sebäpli dörändigini çaklaýarlar. Ýagny pandemiýa kesel ýokuşmadyk adamlaryň hem beýnisine ýaramaz täsir edipdir diýip, olar aýdýarlar.
