Gyrgyzystanda öňki SSSR-iň ýurtlarynyň ösüşine goşan goşandy üçin halkara baýragy esaslandyryldy. Ony «Ýewraziýa» guramasy gowşurýar diýip, «MIR 24» habar berdi.
Baýraga dalaş etmäge GDA-nyň we beýleki ýurtlaryň Ýewraziýa giňişliginde haýyr-sahawat, ylmy we medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen iş alyp barýan raýatlary, ýagny lukmanlar, mugallymlar, meýletinçiler we ýaş işjeňler gatnaşyp bilerler.
Taslama Russiýanyň «Rossotrudniçestwo» edarasy bilen bilelikde amala aşyrylýar. Baýragyň gaznasy 25 million rus rubly.
