Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine «Angara» awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan, gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
