Habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Balkan welaýatyndaky Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadag bu ýerde ýokary tizlikli sport awtoulagynda Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmak we gonmak üçin amatlylyk ýagdaýyny synagdan geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri sport awtoulagyny örän ýokary tizlikde dolandyrmak bilen, uçuş-gonuş zolagynyň meýdançasyndan geçdi we ýoluň tekizligini, abatlygyny, hilini gözden geçirdi. Kuwwatlylyk güýji depginli bolan sport awtoulagynyň bady barha ýokarlanmak bilen, sport ussady Gurbanguly Berdimuhamedow uçuş-gonuş zolagynyň başlangyç menzilinden ahyrky menziline tiz wagtda bardy.
Gahryman Arkadag sport awtoulagynyň tizligini artdyryp, çylşyrymly öwrümleriň birnäçesini ýerine ýetirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady.
