Britaniýaly meşhur sazanda Ozzi Osborn 76 ýaşynda, maşgalasynyň – aýaly Şeronyň hem-de çagalary Kelli bilen Jekiň arasynda aradan çykdy. Bu barada «Sky News» neşiri habar berdi.
«Ol soňky minuda çenli biziň söýgümizi duýup, rahat gözlerini ýumdy» diýlip, maşgalanyň resmi beýanatynda aýdylýar.
2003-nji ýylda sazanda Parkinson keseli bilen keselledi, 2019-njy ýylda boýun oňurgasynyň döwülmegine getiren ýykylmadan aman galdy.
Şu ýylyň 6-njy iýulynda Osborn Birmingemdäki «Willa Park» stadionynda geçen iri haýyr-sahawat konsertinde hoşlaşyk aýdymy bilen çykyş etdi.
Ozzi Osborn sungat ýoluna mundan 60 ýyla golaý wagt öň başlady. Ol 1968-nji ýylda Toni Aýommi, Gizer Batler we Bill Uord bilen saz toparyny döretdi.
Ol özbaşdak «Blizzard of Ozz» we «Diary of a Madman» atly aýdym-saz albomlaryny çykaryp, «rok-metal saz ugrunyň ussady» diýen derejä mynasyp boldy.
