7-nji iýuldan 4-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň birnäçe ýokary we umumybilim berýän orta mekdepleriniň iňlis dili mugallymlarynyň 27-si ABŞ-nyň C5+ONE sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Almaty şäherinde bolýarlar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
C5+ONE (Opening Networks through English – iňlis dili arkaly hünär gatnaşyklaryny ýola goýmak) maksatnamasynyň çäresi Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan – Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan iňlis dili mugallymlaryny bir ýere jemledi.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar hünär taýdan okatmagyň uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamasy esasynda iňlis dili boýunça taýýarlygyň ýygjam okuwlaryny geçýärler. Amaly okuwlaryň hem-de ussatlyk sapaklarynyň dowamynda mugallymlar iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usulyýetlerini öwrenýärler, iňlis diline erk edip biliş derejelerini ýokarlandyrmagyň, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmegiň üstünde yhlasly işleýärler. Şeýle hem mugallymlar şahsy tejribelerini alyşýarlar hem-de okuwçylary we talyplary okatmak işinde iňlis dilini öwretmegiň öňdebaryjy tejribelerini hem-de sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň üstünlikli nusgalaryny paýlaşýarlar.
Bu okuw maslahaty mugallymlar üçin bilim maksatnamasynyň ikinji tapgyrydyr. Umuman, maksatnama özara baglanyşykly üç tapgyry özünde jemleýär. Olaryň ilkinjisi 13-nji maýdan 9-njy iýun aralygynda onlaýn-okuwlar görnüşinde geçdi. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maý aýy aralygynda geçiriljek üçünji tapgyryň çäklerinde torlary döretmek, hyzmatdaşlyk etmek we hünär taýdan ösmek boýunça çäreler meýilleşdirildi.
C5+ONE sebitleýin maksatnamasy iňlis dili boýunça ýygjam okuwlary, milli we sebitleýin okuw maslahatlary, webinarlary we onlaýn-aragatnaşyklary, desgalara barlyp görülmegini hem-de hünär taýdan ösmäge degişli çäreleri, halypaçylygy we uçurymlar bilen gatnaşyklary özünde jemleýär.
