«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti boýunça şu ýylyň geçen 6 aýynda önüm bermesini kemelden guýularyň 199-synyň deregine 217-si gaýtadan dikeldilip, nebit çykaryjylara ulanyşa tabşyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu babatdaky meýilnama 109 göterime barabar boldy. Hut şu görkezijileriň hasabyna tutuş trest boýunça gürrüňi edilýän döwürde goşmaça alnan nebitiň möçberi 81 müň 828 tonna golaýlady. Munuň özi ösüşiň 141,8 göterimine deňdir.
Tebigy gazyň möçberi 57 million 643 müň kub metre ýetdi. Bu ykdysady görkezijiniň meýilnamadan ep-esli ýokarydygy aýratyn bellärliklidir.
Trestiň ýokary netije gazanmagynda «Goturdepe», «Barsagelmez», «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň işgärleri mynasyp goşant goşdular diýlip, habarda bellenilýär.
