Argentinada «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň satuwy gadagan edildi. Bu barada ýurduň Derman serişdeleriniň, azyk harytlarynyň hem-de lukmançylyk tehnologiýalarynyň hiline milli gözegçilik edarasyna (ANMAT) salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Dişleriň çüýremegine garşy bu ftorid diş pastasynyň gadagan edilmegine sarp edijileriň onuň agyz boşlugyny gyjyndyrýandygy we diş etiniň çişmegi barada şikaýatlary sebäp boldy.
Häzirki wagtda ady tutulan edara şeýle şikaýatlaryň 21-si gelip gowuşdy. Edarada Braziliýada hem «Colgate Total Clean Mint» diş pastasynyň hiline şikaýatlaryň geçen ýylyň iýulyndan bäri 11 müňden geçendigini mysal getirdiler. Ýurtlaryň ikisinde hem brazil zawodynda öndürilýän diş pastasy satylýar.
