Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigure Isiba iş başyndan gitmek barada karara gelip biler diýip, «Maýniti» gazetine salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi. Isibanyň awgustda işden gitmekçidigini yglan etmek islegi barada öz egindeşlerine habar berendigi aýdylýar.
Habar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýaponiýa bilen täze geleşik barada yglan edenden soňra peýda boldy, geleşige görä, ýurtlaryň özara gümrük paçlary 15 göterime deň bolar. Tokio şeýle-de amerikan ykdysadyýetine 550 milliard amerikan dollar maýa goýar.
