Adamsyndan aýrylyşan awstraliýaly zenan adaty bolmadyk karara geldi — ol 38 ýaşynda garrylar öýüne göçüp bardy we muny öz ömründe gelen iň gowy karary hasaplaýar. Bu barada «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Adyny gizlin galdyrmak islän 38 ýaşly zenan adamsyndan aýrylyşandan soňra iki ýyllap gymmat otellerde ýaşady. Ol şäherde elýeterli öý gözledi, emma tapan öýleriniň hiç biri-de göwnüne ýaramady.
Çykalga tötänden tapyldy duruberdi, garrylar öýünde ýaşaýan daýzasynyň ýanyna baranda, daýzasy oňa garrylar öýünde otagyň boşandygyny habar berdi. Zenan garrylar öýünde ýaşamak üçin ýaşyňa garalmaýandygyny bilenden soňra göçüp barmak kararyna geldi.
«Indi bäri meniň hakyky öýüm. Bärde hiç wagtam özümi keseki duýmadym. Tehnologiýalara kowalaşmaýan, öz maýdalyna ýaşaýan adamlaryň arasynda ýaşamak maňa haýran galdyryjy rahatlyk getirdi. Bärsi edil jennet ýaly» diýip, zenan gürrüň berýär.
Awstraliýaly zenan öz gündelik durmuşyna ýakymly diýip baha berýär: ertirlik kofe, gezelenç, gazet okamak, ýoga bilen meşgullanmak, welosipetli gezelenç, her çarşenbede bingo oýnamak. Agşamlaryna ol öz otagynda şamlyk edinýär ýa-da ýerli garbanyşhana gidip naharlanýar. Soňam eýwanda goňşulary bilen sagatlap gürrüň edýärler.
«Men rahatlandym, ýönekeý zatlaryň-da gadyryny bilip başladym. Bärde öz durmuş ýörelgelerimi üýtgetdim, garrylyga hem indi başgaça garaýaryn. Görüp otursam, 70-80 ýaşda-da işjeň, erkin bolup, dost tutunyp, täze zatlary öwrense boljak ekeni» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
