Dünýäniň 67 ýurdunda özüniň toplumlaýyn ulag-logistika hyzmatlaryny hödürleýän GAMA TRADE AND LOGISTICS halkara kompaniýasy Ýewraziýa sebitindäki işlerini giňeldilýändigini mälim etdi. Aşgabatda kompaniýanyň edarasy hereket edýär we ol iň çylşyrymly ýükleri, şol sanda howply, tiz zaýalanýan we aşa uly göwrümli harytlary daşamakda ýöriteleşýär.
Kompaniýanyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary:
- Halkara multimodal ýük daşamalary (awtoulag, deňiz, demir ýol we uçar arkaly).
- Ähli görnüşdäki ýükleriň gümrük resmileşdirmesi.
- ÝB-de, GDA-nyň ýurtlarynda we Hytaýda ammarlara ýerleşdirmek we jogapkärçilikli saklama hyzmatlary.
- Daşarky söwda amallarynyň doly logistiki goldawy.
Kompaniýa häzirki geoykdysady şertlerde aýratyn ähmiýetli bolan Gara deňiz hem-de Hazar deňzi arkaly beýleki ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. GAMA TRADE AND LOGISTICS özüniň şertnama esasynda hyzmatdaşlyk edýän ammar we gümrük wekilleriniň ulgamyna eýe bolmak bilen, müşderilere «gapydan gapa çenli» eltip berme ýörelgesi boýunça doly hyzmatlaryny hödürleýär.
«Biziň wezipämiz diňe bir ulag hyzmatlaryny hödürlemek däl-de, eýsem häzirki zaman söwda amallarynyň ähli aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan toplumlaýyn logistiki çözgütleri üpjün etmekdir» - diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary belleýärler.
Kompaniýanyň Türkmenistandaky baş edarasy şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat şäheri, Nyýazow köçesi, 174.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 71 40 99 38, +993 71 40 99 37.
Elektron poçta: info@gama-tm.com.
Goşmaça maglumatlar gama.com.tm resmi saýtynda elýeterlidir.