«Özbeknebitgaz» paýdarlar jemgyýeti Ai-80 kysymly awtoulag ýangyjynyň önümçiligini 2025-nji ýylyň sentýabryndan doly bes etmekçi. Bu barada «Daryo.uz» portaly habar berdi.
Habara görä, kompaniýa üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ady tutulan ýangyç görnüşiniň öz ambarlaryndaky ähli ätiýaçlyk gorlaryny sarp etmekçi we ýokary oktanly ýangyjyň satuwyna geçmekçi.
Benziniň bu görnüşinden tapgyrlaýyn ýüz öwürmek barada Özbegistanyň Energetika ministrligi 2024-nji ýylyň başynda yglan edipdi. Edara Ai-80 ýangyjynyň eýýäm köp ýurtlarda gadagan edilendigini, hatda onuň nebit önümleriniň importuna doly garaşly bolan Gyrgyzystan we Täjigistan ýaly döwletlerde hem ulanyşdan çykarylandygyny habar berdi.
Geçen ýylyň 29-njy ýanwarynda geçen Hökümetiň mejlisinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hökümet başlygy Abdulla Aripowa Ai-80 benzininden ýüz öwürmek boýunça meseläni 2025-nji ýylda doly çözmegi tabşyrdy.
