Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň umumy hirurgiýa kafedrasynyň assistenti, oňurga hirurgiýasy bölüminiň müdiri, spinal ortoped lukmany Denis Naumow Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Ol ýerli hünärmenler bilen Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda oňurganyň skolioz keseliniň çylşyrymly rekonstruktiw ugry boýunça amaly-usulyýet, anyklaýyş, bejeriş işlerini geçirýärler hem-de tejribe alyşýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada bellenilýär.
Makalada bellenilişi ýaly, şeýle bejergiler Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýlup, amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Netijede, bejergi alan her bir çaga indi sagdyn çagalaryň hataryna goşulyşýar.
— Men Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda öň hem birnäçe gezek bolup gördüm. Hassahana iň öňdebaryjy täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan. Olar arkaly geçirilýän operasiýa bejergileriniň netijeliligi kanagatlanarly. Biz çagalarda gyşaran oňurga sütünlerini dikeltmek amallaryny ýerine ýetirýäris. Neýrohirurgiýa ugrunda täze bejerişleri ýerine ýetirmek üçin hemme şertler we mümkinçilikler döredilen. Bu hassahanada öz kärine ussat hünärmenleriň üç dili bilmekleri tejribe alyşmakda gowy ýardam berýär — diýip, russiýaly lukman pikirini paýlaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralary bilen daşary ýurtlaryň ady belli klinikalary bilelikdäki netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki günlerde Mary welaýatynyň dikeldiş bejergilerine mätäç körpeje ýaşaýjylary Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde ýatymlaýyn bejergi alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde dikeldiş bejergilerini alýarlar.
Haýyr-sahawat gaznasy 4 ýylyň dowamynda 600-den gowrak çaganyň saglygyny dikeltmäge ýardam edip, olara bagtyýar durmuş bagyşlady diýlip, makalada bellenilýär. Gaznanyň hasabyna welaýatlaryň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine sowgat berlen «Tiz kömek» awtoulaglary häzirki wagtda çagalara saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Mary welaýat çagalar hassahanasyna emeli dem beriş we fiziologiýa gözegçilik monitory enjamlarynyň sowgat berilmegi bu işleriň üstüni ýetirdi.
Doga böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän çagalaryň saglygyny dikeltmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodealiz enjamynyň Aşgabatdaky we welaýatlardaky degişli saglygy goraýyş edaralaryna sowgat berilmegi näsaglaryň saglygyny dikeltmekde möhüm orun eýeledi.
Gazna tarapyndan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Pemberton usuly boýunça ortopedik operasiýalary ýerine ýetirmek üçin zerur enjamlaryň sowgat berilmegi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna bu usul arkaly hirurgik bejeriş operasiýalaryny ornaşdyrmaga, ozal uzak wagty talap edýän dikeldiş bejergisiniň wagtyny ep-esli gysgaltmaga ýardam berdi.
