Soňky 30 ýylda planetada adatdan daşary yssynyň hasaba alnan pursatlarynyň sany örän artdy diýip, alymlar habar berdiler. Ylmy barlaglara Awstraliýadan, ABŞ-da, Ýewropadan we Aziýadan alymlar gatnaşdylar diýip, «MIR 24» habar berýär.
1990 – 2006-njy ýyllarda jokrama yssy günleriň ortaça ýyllyk sany 12-ä, 2007-2023-nji ýyllarda 19,5-e deň boldy. Temperaturanyň güýçli ýokarlanmagy aýratyn hem Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýanyň käbir etraplarynda hasaba alyndy.
Alymlar daşky gurşawyň temperaturasyny, şeýle-de çygly termometriň temperaturasyny öwrendiler. Soňky görkeziji çyglylygy, Gün radiasiýasyny we şemaly hasaba alýar, bular bolsa adam bedeniniň yssa çydamlylygyna täsir edýär. Çyglylygyň ýylylyk stresini görnetin güýçlendirýändigi bellidir.
Ylmy barlagçylaryň sözlerine görä, anomal yssy adamyň saglygyna göni we gytaklaýyn täsir edýär, ol gün urmasyna hem ýürek tutgaýlaryna getirýär, şeýle hem psihiki taýdan hassa adamlaryň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýar, göwrelilik wagty kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýar. Galyberse-de, yssy köplenç elektrik üpjünçiliginde bökdençliklere getirýär, bu hem öz nobatynda adamlaryň saglygy üçin howpludyr.
Netijede, alymlar adatdan daşary yssy howa taýýarlyk boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni peýdalanmagy teklip etdiler. Ol halkara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň milli syýasatynyň üýtgedilmegini, toparlaryň howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlara seslenmek ýaly çärelerini öz içine alýar diýip, «Xinhua» neşiri habar berdi.
