2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan Özbegistana eksporty 390 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.
Çeşmede bellenilişine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 464,1 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda 11-nji ýerden orun aldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksporty 391,5 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 8-nji orny eýeledi.
Birinji ýarym ýyllykda Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 72,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 million amerikan dollary möçberinde ýokarydyr.
Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 37 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 16,8 milliardy eksportyň, 20,2 milliardy bolsa importyň paýyna düşýär.
