«Mercedes-Benz» awtoulag kärhanasy howpsuzlyk ýassyklarynyň näsazlygy bilen baglylykda, tutuş dünýäden 223 müň töweregi awtoulagyny yzyna çagyrýar. Bu barada Germaniýanyň Federal awtoulag edarasyna salgylanýan DPA agentligi habar berdi.
TASS tarapyndan çap edilen habarda bu çäräniň 2002-nji ýylyň dekabryndan 2006-njy ýylyň fewraly aralygynda çykarylan «Viano» we «Vito» kysymly furgonlara degişlidi bellenýär. Germaniýanyň özünde bu näsaz awtoulaglaryň 60 müň 245-si yzyna çagyrylar.
Habarda müşderileriň ulagyň yzyna çagyrylýandygy barada hat arkaly habardar ediljekdigi bellenýär.
Kompaniýada «Mercedes-Benziň» hyzmat gulluklary tarapyndan degişli kysymdaky awtoulaglarda howpsuzlyk ýassyklarynyň barlanjakdygyny hem-de zerur bolanda, olaryň mugt çalşyljakdygyny habar berdiler.
