Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 69 million 190 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtoulag benzinini satyn aldylar. Mundan başga-da, Hytaýyň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine dokma önümleriniň dürli görnüşleri, buýan köküniň goýy ekstrakty, guradylan garapaçak pileleri ýerlenildi.
Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), dokma önümleriniň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 95 million 680 müň manada deň boldy.
