Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Gyrgyzystana döwlet sapary bilen barar diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň diwanynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Sagynbek Abdulutalibiň sözlerine görä, sapar wagtynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy, şeýle-de mongol Lideriniň Respublikanyň parlamentiniň başlygy Nurlanbek Turgunbek, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekiler, gyrgyz-mongol işewürlik forumy geçiriler.
