Sidneýiň gawanyna bilesigeliji küýki läheň (kit) ýüzüp bardy. Ony paromlaryň ýolagçylary gördüler, deňiz gulluklarynyň işgärleri bolsa, mähnet «myhmanyň» gämileriň hereketine päsgel berýändiginden zeýrendiler diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.
Ýetginjek läheňi ilki bolup, paromyň ýolagçylary çarşenbe güni irden gördüler. Doktor Wanessa Pirotta, adatça, küýki kitleriň gawana şeýle ýakyn barmaýandyklaryny gürrüň berdi. Suw jandary aragatnaşyk üçin kynçylyklary döredýär, sebäbi onuň göwresi mekdep awtobusyňky bilen deň, bu bolsa gämileriň gatnawy üçin çynlakaý päsgelçilikdir.
Milli seýilgähler we ýabany tebigaty goramak gullugynyň işgärleri läheňi kiçiräk gaýyklarda yzarlaýarlar. Olar süýdemdirijini goramak üçin beýleki gämileri ondan ýeterlik aralykda saklamaga jan edýärler.
Hanym Pirottanyň sözlerine görä, Sidneý gawanynda kitler örän seýrek duşýar. Olar köplenç Sidneýiň etegindäki Menlide aýlanýarlar, soňra ýene yzlaryna — deňze ýüzüp gidýärler. Emma bu kit aýratyn bilesigeliji ekeni.
Habarda läheňiň örän rahatdygy, gawanda erkana ýüzüp, durmuşyň lezzetini görýändigi aýdylýar.