17-nji iýulda Rumyniýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew bilen Rumyniýanyň Maýa goýumlar we daşary söwda boýunça agentliginiň wise-prezidenti Doru-Klaudian Frunzulikäniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň güýzünde Buharestde geçirilmegi meýilleşdirilýän ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn Hökümetara toparynyň sekizinji mejlisini guramaçylykly geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, şeýle-de maýa goýum, söwda, sanly özgertmeler, energetika we ulag ýaly ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.
Ilçi A.Annaýew Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň durnukly ösüşine we halkara ölçeglerine laýyklykda maýa goýum gurşawynyň döredilmegine aýratyn üns berdi. Wise-prezident D.K.Frunzulike hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň ýokary energiýa sarp edýän önümçilikleri ýerleşdirmek üçin özüne çekiji meýdança hökmünde mümkinçiliklerini aýratyn nygtady.
Türkmen tarapy rumyn telekeçilerini Türkmenistanda geçirilýän halkara sergilere, forumlara we tenderlere işjeň gatnaşmaga çagyrdy, bu bolsa göni iş gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşant goşar.
Öz gezeginde, rumyn tarapy orta we uzak möhletleýin taslamalara gönükdirilen türkmen maýadarlary üçin gyzykly bolan ykdysady maglumatlary we maýa goýum ugurlaryny hödürledi.
