«Ojar Aziýa» kompaniýasy häzirki wagtda Aşgabadyň çäklerinde iri infrastruktura taslamalarynyň gurluşygyny alyp barýar. Häzirki wagtda Gurtly we Parahat–7 ýaşaýyş toplumlarynda bir wagtda häzirki zaman ulag ulgamy bilen ýaşyl zolaklary döretmek boýunça işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu gurluşyklar şäher gurşawynyň durnukly ösüş strategiýasynyň çäklerinde 2024-nji ýylda başlanyldy – diýlip, kompaniýanyň berýän maglumatlarynda habar berilýär.
Gurtly ýaşaýyş toplumynyň çäginde guruljak şäher seýilgähi 54 gektar meýdany eýelär. Bu seýilgähiň çäginde welosiped ýollary we dynç almak üçin giň bagy-bossanlyk zolagy dörediler. Taslama ekologiýa deňagramlylygyny saklamak, bu ýeriniň howa gurşawyny gowulandyrmak we ähli ýaşdaky ýaşaýjylar üçin dynç alyş giňişligini döretmek maksadyny göz öňünde tutýar.
Şol bir wagtyň özünde Parahat–7 ýaşaýyş toplumynyň çägindäki seýilgäh zolagynda abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi Aşgabadyň «ýaşyl şäher» derejesini saklamak ugrunda alnyp barylýan tagallalaryň subutnamasy hökmünde görkezilýär.
Gurtly ýaşaýyş toplumynda uzynlygy 11,1 kilometre, giňligi bolsa 63,5 metre deň bolan giň awtoulag ýoly gurulýar. Bu ýol ulaglaryň hereketine gözegçilik ediji ulgam, bölüji zolaklar, köçe yşyklandyryşy we ýan ýodalary bilen üpjün ediler.
Parahat–7 ýaşaýyş toplumynda Ankara we Baba Annanow köçelerini birleşdirjek 7 kilometrlik ulag ýoly gurulýar. Ýol örtügi ýokary hilli üç gat materialdan emele getirilýär, ýol ugrunda bolsa ýol belgileri, ýol çatrygynda bolsa hereketi düzgünleşdirýän çyralar - swetoforlar oturdylýar.
.jpg)
Mundan başga-da kompaniýa Aşgabat – Gökdepe aralygyndaky 66,6 kilometrlik ýol taslamasyny hem durmuşa geçirýär. Bu ugur boýunça innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Täze ýol Ak bugdaý etrabyny Aşgabat şäheri bilen Gökdepe etrabyny birleşdirer. Ýoluň ugry boýunça awtobus duralgalaryny, ýoluň gyrasyndaky germewleri, şeýle-de bagy-bossanlyk zolaklaryny gurmak hem meýilleşdirilýär.
«Ojar Aziýa» kompaniýasynyň wekilleriniň bellemegine görä, bu taslamalar öňdebaryjy tehnologiýalary, ekologiki ýörelgeleri hem-de şähergurluşyk bitewiligini özünde jemleýär. Hil taýdan ulag ulgamy bilen ýaşyl zolaklaryň utgaşdyrylmagy paýtagtyň ýaşaýjylary üçin döwrebap, howpsuz we amatly şäher gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.
