Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukman elleşmek arkaly geçýän howply keselleri sanady

16:1815.07.2025
0
16543
Lukman elleşmek arkaly geçýän howply keselleri sanady
Surat: Lenta.ru

Ýokanç keseller boýunça russiýaly lukman Wladimir Neronow «Lenta.ru» habarlar portaly bilen söhbetdeşlikde adam eliniň köp ýokançlaryň ýaýramagyna sebäp bolýandygyny habar berdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ähli ýokanç keselleriň 80 göterime golaýy hapa eller arkaly ýokuşýar. Emma adamlaryň köpüsi munuň näderejede howpludygyny bilmeýärler diýip, lukman nygtady.

Neronow ýuwulmadyk elleriň üsti bilen bagry zaýalaýan A gepatitiniň, salmonellez, içgeçme, rotawirus we norawirus ýaly içege ýokançlarynyň ýokuşýandygyny aýtdy. Şeýle hem hapa eller arkaly dümew, ýiti öýken-dem alyş ýollarynyň sökellikleri, koronawirus hem-de beýleki keseller adamdan adama geçip bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň