2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň okuwçylary hem-de talyplary halkara ders, internet olimpiadalarynda 748 medala mynasyp bodular. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu döwletiň berýän yzygiderli goldawlary netijesinde amala aşýar. Türkmenistanly mekdep okuwçylary we talyplary halkara we döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadalara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýarlar.
