Altyn Çaýhana – siziň baýramçylyklaryňyzy we rahat agşamlaryňyzy geçirmek üçin tapylgysyz ýerdir
Aşgabadyň ýüreginde ýerleşýän Altyn Çaýhana – ajaýyp tagamlary, ýyly gurşawy we dürli kämil hyzmatlary bilen tanalýan restorandyr. Romantiki agşamlykdan başlap, giň gerimli dabaralara çenli her bir myhman üçin köňül-kalplara ýakyn bolan pursatlar döredilýär.

Baýramçylyklar üçin VIP zal
Ýörite wakalar ýa-da seneler üçin restoranda 40 adamlyk giň VIP zal göz öňünde tutulýar. Ýubileýler, korporatiw çäreler, her bir maşgala üçin ýakymly baýramçylyklar – hemmesi üçin ajaýyp şertler döredilýär.
Göçme hyzmatlar – islendik ýerde baýramçylyk guraýarys
Dabarany öýde, daçada ýa-da tebigatyň gözel künjeklerinde guramak isleýärsiňizmi? Altyn Çaýhana taýýar naharlardan başlap, ähli zady guramak we hyzmatlary bilen dolulygyna göçme hyzmatlary hödürleýär. Hudaýoly, toý ýa-da furşet – bulary size alada etdirmezden we unudylmajak tagamlary bilen gurap berýäris!
Siziň rahatlygyňyz üçin häzirki zaman tehnologiýalary
Zallarymyz täze ornaşdyrylan enjamlar, dürli yşyklar bilen gurşalan ses täsirleri hem-de sazlanýan yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir – bu bolsa şowhunly dabaradan baýramçylyk ruhuna çenli islendik gurşawy döretmäge ukyplydyr.
Ykjam goşundy arkaly tagamlaryň amatly sargytlary
Öýden çykmak islemeseňiz – Google Play ýa-da App Store programmadan Altyn Çaýhana ykjam goşundysyny ýükläň we söýgüli tagamlaryňyzy öýüňize sargyt ediň.
Bizi nädip tapmaly?
Salgymyz: Gurbansoltan eje köçesi, jaý 168 (demir ýol menziline ýakyn).
Telefonlar:
+993 12 94 11 61
+993 12 94 11 71
+993 65 72 37 46
+993 65 72 35 47
+993 65 65 53 10 (dolandyryjynyň belgisi)
56 15 45 (tomusky terrasa)
Sosial ulgamlarda hem sahypamyz bar!
Altyn Çaýhana – bu datly tagamyň, rahatlygyň we baýramçylygyň bir ýere jemlenmesidir!
