Parižiň etegindäki Bužiwalede Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada ylalaşyga gol çekdiler. Resminama gol çekilendigini Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron sosial torda tassyklady diýip, «MIR 24» habar berýär.
Makronyň sözlerine görä, Täze Kaledoniýanyň saýlanan wekilleri bilen gepleşikler on gün dowam etdi. Fransiýanyň Premýer-ministri Fransua Baýru «özboluşly guramanyň» döredilendiginden kanagatlanýandygyny habar berdi. Ol şeýle hem munuň Fransiýanyň Konstitusiýasynda berkidiljekdigini nygtady.
«Politico» neşiri täze döwlet gurluşynyň bölekleýin esasda Fransiýa garaşly boljakdygyny ýazýar. Täze Kaledoniýanyň ýaşaýjylary täze pasport alarlar we iki pasportly bolup bilerler. Täze döwlet öz daşary syýasatyny ýöredip biler.
Ylalaşygyň güýje girmegi üçin fransuz parlamenti makullamaly, ondan soňra Täze Kaledoniýada sala salşyk geçiriler.