Türkmenistanda Amyderýanyň güni mynasybetli «Amyderýa: obýektiw arkaly nazar» atly fotosurat bäsleşigi yglan edildi. Bu çäräniň guramaçysy hökmünde Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş federal ministrligi (BMZ) tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça agentliginiň (SDC) goldaw berýän «Howa täsirlerini hasaba almak bilen Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak» atly sebitleýin taslama çykyş edýär. Türkmenistanda bu taslamany Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýar.
Bäsleşik Amyderýa derýasynyň gözelligine we ekologik ähmiýetine ünsi çekmek, ýurduň tebigy mirasyna aýawly çemeleşmegi döredijilikli fotosurat sungaty arkaly höweslendirmek, şeýle-de derýanyň sebitiň ösüşinde hem-de abadançylygynda eýeleýän möhüm ornuny görkezmek maksady bilen guralýar.
Bäsleşige Türkmenistanda ýaşaýan 18 ýaşdan uly islendik adam gatnaşyp biler. Fotosuratlar aşakdaky ugurlar boýunça kabul edilýär:
- «Amyderýanyň manzarasy» – ýylyň dürli pasyllarynda derýanyň tebigy gözelligini, kenarlaryny, töweregini we landşaftyny görkezýän suratlar.
- «Amyderýanyň flora we faunasy» – Amyderýanyň basseýninde we kenarýaka zolaklarynda ýaşaýan ösümlik we haýwan dünýäsi bilen baglanyşykly suratlar.
- «Adam we Amyderýa» – derýa bilen adamyň özara gatnaşygyny: zähmet, dynç alyş, däp-dessurlar we gündelik durmuş bilen baglanyşykly suratlar.
Her bir gatnaşýan adam iň köp 4 sany JPEG formatyndaky, çözgüdi iň azyndan 300 DPI bolan surat iberip biler. Suratlaryň ujypsyz derejede üýtgedilmegine (kesmek, reňk sazlamalary, ýagtylyk we kontrast düzedişleri) ýol berilýär, ýöne kollažlar, obýektleriň goşulmagy ýa-da aýrylmagy gadagan edilýär. Her bir surata ady, awtoryň familiýasy we ady, habarlaşmak üçin maglumatlar hem-de surat barada gysgaça düşündiriş goşulmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak üçin suratlar elektron görnüşde şu salga iberilmeli: amudaryariver2025@gmail.com. Hatda mowzuk hökmünde: «Foto bäsleşik – [Familiýa, At]» diýip görkezilmeli. Surat faýllary aşakdaky görnüşde atlandyrylmalydyr: Familiýa_At_IşiňAdy.jpg (meselem: Amanow_Aman_Peýzaž.jpg).
Fotosuratlar 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Eminler tarapyndan baha bermek tapgyry 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli tamamlanar. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda geçiriler.
Ýeňijilere şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar. Iň gowy fotosuratlar sergide görkeziler we «Howa täsirlerini hasaba almak bilen Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak» atly sebitleýin taslamanyň maglumat serişdelerinde, şeýle hem Amyderýanyň güni mynasybetli geçiriljek jemleýji çärelerde awtoryň adynyň görkezilmegi bilen ulanylyp bilner.
Bäsleşik bilen bagly goşmaça sowallara şu telefon belgiler arkaly jogap alyp bilersiňiz:
+993 61 89 38 32, +993 65 54 00 48.
