Gyrgyz Respublikasynyň Milli bankynyň başlygy Melis Turgunbaýew ýurduň Prezidenti Sadyr Žaparowdan işde goýberen kemçilikleri üçin käýinç aldy. Bu barada Prezidentiň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
2024-nji ýylyň awgustynda Turgunbaýew bankyň ýolbaşçy düzüminiň işiniň talabalaýyk guralmandygy üçin käýinç alypdy. Onuň orunbasarlary pul-karz syýasaty ulgamynda ýeterlik iş alyp barmandyklary sebäpli eýeleýän wezipelerinden boşadyldy.
Turgunbaýew Gyrgyzystanyň Milli bankyna 2024-nji ýylyň iýunyndan bäri ýolbaşçylyk edýär. Ol öň tebigy gorlar, ekologiýa we tehniki gözegçilik ministriniň wezipesini eýeledi.