«Ýüzükleriň hökümdary» atly üç bölümden ybarat meşhur filmiň režissýory Piter Jekson mundan 600 ýyl öň ýitip ýok bolan äpet guşy direltmekçi, ol bu barada IGN neşirine beren interwýusynda habar berdi diýip, «kino.mail.ru» ýazýar.
Kinoçy bu maksat üçin «Colossal Biosciences» biotehnologik kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär, olar bilelikde, gadymy moa atly uçmaýan guşy ýaşaýşa gaýdyp getirmekçi bolýarlar. Boýy 3,6 metr, agramy 230 kilogram töweregi bolan guş täze Zelandiýada ýaşapdyr.
«Aýalym Fren Uolş ikimizde moa guşunyň 400-e golaý süňki bar, biz olardan eýýäm DNK üçin nusgalary aldyk. Geljek birki ýylda täze gözleglere başlamakçy. Süňk näçe köp boldugyça, gen üçin şonça-da peýdaly» diýip, režissýor gürrüň berdi.
