Milanyň «La Skala» opera teatry tomaşaçylaryň daşky görnüşi boýunça berk talaplary girizdi. Indi tomaşa jaýyna maýkaly, şorty balakly we şypbykly gelen tomaşaçylar goýberilmez. Şeýle hem olara petekler üçin tölän pullary gaýdylyp berilmez diýip, «The Guardian» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Teatryň edarasynyň wekilleri kabul edilen medeni talaplary tomaşaçylaryň berk berjaý etmelidiklerini bellediler.
Aslynda bu düzgünler baryp 2015-nji ýylda, Milanda Bütindünýä sergisi geçirilende kabul edildi, emma ol hemişe diýen ýaly berjaý edilmeýärdi. Gözegçiligi howanyň gyzmagy bilen bagly tomaşaçylaryň teatra suwa düşülýän eşikli gelmegi sebäpli berkitdiler. Teatr eýýäm bu ýagdaýlar bilen baglylykda birnäçe şikaýatlary aldy. Täze düzgünleriň tertibi teatryň binasyna girelgede, web-saýtda we teatr peteklerinde ýerleşdirildi.
