Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Hökümetiň gün tertibinde möhletinden öň Prezident we parlament saýlawlary barada meseläniň ýokdugyny, Konstitusiýa esasynda halkyň erkin saýlawynyň 2028-nji ýylda geçiriljekdigini habar berdi. Ol şeýle etmek bilen, garşylykçy Halk-respublikan partiýasynyň başlygy Özgür Özeliň möhletinden öňki ses berlişik geçirmek baradaky çagyryşyna jogap berdi diýip, TASS ýazýar.
«Oňa (Özele) ýene bir gezek ýatladýaryn. Konstitusiýanyň we saýlawlar barada kanunyň üýtgedilmändigi üçin Prezident hem-de parlament saýlawlary 2028-nji ýylda, ýerli saýlawlar 2029-njy ýylda geçer. Jenap Özel, siziň öz pikiriňiz bar bolmagy mümkin hem-de siz islendik ýekşenbe gününe barmagyňyzy dürtüp, hut şol gün saýlaw geçireliň diýip bilersiňiz. Emma Hökümetiň we halkyň beýle pikiri ýok» diýip, Ärdogan parlamentde çykyş edende aýtdy.