Balkan welaýatynyň zähmetsöýer kärendeçi daýhanlary, ýer eýeleri ýazlyk ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk etraplarynda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri tamamlanyp barýar. Welaýat boýunça 1 müň 600 gektardaky ýazlyk ýeralma meýdanyndan 22,5 muň tonna golaý ýokary hasyl alnyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.
Hasyldan boşan ýerlerde dessine sürüm işlerine girişilip, geljek möwsümdäki güýzlük ýeralmanyň ekişine jogapkärli taýýarlyk görülýär diýlip, habarda bellenilýär.
