Türkmenistanly türgenler Astanada geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatyna gatnaşýarlar. Häzire çenli türkmen agyr atletikaçylary ýaşlaryň arasynda 1 kümüş we 5 bürünç jemi 6 medal gazandylar.
Ýaşlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejede Kakamyrat Annamyradow silterläp götermekde 128 kilogram netije bilen kiçi bürünç, itekläp götermekde 160 kilogram görkeziji bilen kiçi bürünç medala mynasyp boldy. Ol umumylykda 288 kilogram agyrlygy eýgerip, uly kümüş medaly eýelemegi başardy.
Türkmen ýygyndysyna ýene 3 sany bürünç medaly 53 kilograma çenli gyzlaryň arasynda bileginiň güýjüni barlan Ogulşat Amanowa getirdi. Ol silterläp götermekde 78 kilogramy galdyryp, kiçi bürünç medala, itekläp götermekde 96 kilogram netije bilen kiçi bürünç medala, şeýle-de umumylykda 174 kilogram görkeziji bilen uly bürünç medala eýe çykdy.
Şeýlelikde, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym birinjiliginiň üçünji gününden soňra 1 kümüş we 5 bürünç medal bilen medallaryň hasabynda 6-njy orunda barýar.