Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tramp: «Meni Maskyň howada gaýyp ýörenini görmek gynandyrýar»

12:2307.07.2025
0
16900
Tramp: «Meni Maskyň howada gaýyp ýörenini görmek gynandyrýar»
Surat: Vietnam.vn

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüni işewür Ilon Maskyň howada gaýyp ýörenini görmegiň gynandyrýandygyny aýtdy. Ol işewüriň ýurtda täze – üçünji partiýa döretmek baradakt pikirine baha bermek bilen, «Truth Social» sosial torunda ýazan habarynda bu barada pikirini paýlaşdy diýip, TASS ýazýar.

«Ilon Maskyň halys elden sypandygyny görmek mende gussa döredýär, ol soňky bäş hepdede hakyky iki aýakly heläkçilige döndi. Ol hatda üçünji partiýany döretmekçi bolýar, aslynda ABŞ-da üçünji partiýa döretmek pikiri hiç wagtam şowuna bolmandy» diýip ýazan Tramp şeýle syýasy güýçleriň jemgyýetde bölünişik hem-de başagaýlyk döredýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, düýn Ilon Mask «Amerikanyň partiýasy» diýen at bilen ýurtda täze— üçünji partiýanyň döredilendigini, onuň ilkinji gurultaýynda ullakan göwün açyşlygyň boljakdygyny sosial sahypasynda ýazdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň