Türkmenistanyň 14 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýaşlary halkara derejede geçirilýän ÝUNESKO-nyň «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly fotobäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar.
Bu ýylda geçirilýän bäsleşigiň temasy: «Ýüpek ýolunyň mirasyny gorap saklaýan zenanlar» — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlaryň medeni mirasyň goralmagyndaky orny bilen baglanyşykly dürli ugurlary açyp görkezýän suratlaryny iberip bilerler.
Maslahat berilýän şekiller:
- dokmaçylyk, keşde çekmek, keramika, küýzegärçilik ýaly zenanlaryň gadymy hünär işleri bilen meşgul bolýanlary, şeýle-de maddy däl medeni mirasa degişli beýleki işler;
- zenanlaryň nesilden nesile geçirip gelýän adaty sport görnüşlerine we däp-dessurlara degişli bolan oýunlara gatnaşmaklary; aýdym-saz, milli tanslar, dilden-dile geçýän däpler bilen meşgullanýan zenanlar; aşhana we dürli tagamlary bişirmek däpleri – eneden gyza geçýän aşhana miraslary;
- ýazyjy-zenanlar, mugallymalar, sungat işgärleri, telekeçi ýa-da alym zenanlaryň Ýüpek ýolundaky medeni we aň-paýhas alyş-çalşyna goşýan goşantlary.
Zenanlar tarapyndan gurnalyp, dürli medeniýet we jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemleýän baýramçylyklar, wajyp çäreler ýa-da gündelik durmuşda duş gelýän beýleki dabaralar bäsleşikde uly ähmiýete eýe bolar.
Ýüpek ýolunda ýerleşýän sebitdäki zenanlaryň medeni özboluşlylygyny, ruhubelentligini we paýhasyny görkezýän portret suratlar maslahat berilýän şekilleriň hataryna girýär.
Işleri tabşyrmagyň soňky möhleti — 20-nji iýul.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjylar ýörite salgylanma boýunça hasaba durmaly we öz suratlaryny bäsleşigiň sahypasyna ýüklemeli. Suratlaryň aňrybaş sany - 20.
Her ýaş derejesi (14–17 we 18–25 ýaş aralygy) boýunça bäsleşigiň birinji üç orna mynasyp bolan ýeňijilere fotoapparatlar gowşurylar.
Bäsleşigiň iň gowy 60 suraty «Ýüpek ýoly ýaşlaryň gözi bilen» atly hünär derejesindäki fotoalboma giriziler we dünýä ýurtlarynda sergilere gatnaşdyrylyp biler.
Soraglar boýunça şu salga ýüz tutup bilersiňiz: silkroadsphotocontest@unesco.org.
