Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mask ABŞ-da täze partiýa döretmekçi

09:3605.07.2025
0
14770
Mask ABŞ-da täze partiýa döretmekçi
Surat: RBK

Amerikaly işewür, dünýäniň iň baý adamy Ilon Mask ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni «X» sosial torunda ýurtda täze syýasy partiýany döretmek barada pikirsoraşma gurady.

«Bize «Amerika» partiýasyny döretmek gerekmi?» diýip, işewür sorag bilen ýüzlendi. Bu sowal boýunça ses berlişik bir gije-gündize golaý dowam etdi. Pikirsoraşma başlanandan soňra bir sagadyň dowamynda oňa 81 müňden gowrak adam gatnaşdy, olaryň 64,8 göterimi şeýle partiýanyň gerekdigini nygtap çykyş etdiler.

Bu barada TASS ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň