Iň ýaýran ys beriji wanile howanyň üýtgemegi sebäpli ýok bolmak howpy abanýar. Howanyň maýlamagy netijesinde ýabany wanil orhideýa gülleridir olary tozanladyjylaryň arasynda özara baglanyşygyň bozulmagy ýüze çykar diýip, alymlar belleýärler.
Belgiýadaky Lewen katolik uniwersitetiniň we Kosta-Rikadaky Botanika bagynyň alymlarynyň bu ugurda ylmy barlaglarynyň netijesi «Frontiers in Plant Science» žurnalynda çap edildi diýip, «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Tebigy waniliň esasy çeşmesi bolan «Vanilla planifolia» ösümligi kesellere, guraklyga we yssy howa ejizdir. Alymlar ylmy barlaglaryň dowamynda bu gülleriň ýabany ösýän çäklerinde olary tozanladyjylaryň arasyndaky baglanyşygy öwrendiler. Şunlukda, 2050-nji ýyla çenli wanilleriň käbir görnüşleriniň ösýän çäkleriniň 140 göterim artjakdygy, beýlekileriň welin, 53 göterim azaljakdygy barada netijä gelindi. Emma tozanladyjylar welin, ýaşamak üçin ýaramly bolan çäkleriniň köp bölegini ýitirip bilerler.
Waniliň ýabany görnüşleriniň goralyp saklanmagy diňe bir ekoulgamlar üçin däl, eýsem, oba hojalygy üçin-de wajypdyr. Mysal üçin, işewürlik maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän «V. planifolia» görnüşi pes genetiki köpdürlilige eýedir, bu bolsa, ony howanyň üýtgemeginiň we biologiki stresiň öňünde güýçsüz edýär diýip alymlar belleýärler.
Botanika bagynyň direktory Adam Karremans ýagdaýyň öňüni almak üçin waniliň ekologiýasyny we genetikasyny bilelikde öwrenmäge, ýabany görnüşleri goramakda çäreleri görmäge çagyrýar.