ABŞ-nyň ýaşaýjysy ähli öý-goşuny satyp, ömrüniň galan bölegini gämili syýahatda geçirmek kararyna geldi. 77 ýaşly Şeron Leýn arzuwynyň amala aşandygy sebäpli rahatlanandygyny gürrüň berdi.
Leýn syýahat wagty dünýäniň iri deňiz portlarynda düşledi, ol gämide öňdäki 15 ýyly geçirmekçidigini aýdýar.
Gämidäki iň arzan kaýutada 15 ýyl ýaşamak üçin 129 müň dollar tölemeli. Pensioner zenan bu Günorta Kaliforniýada ýaşamakdan arzan diýýär. Onsoňam ol gämide dükana gitmek, tagam taýýarlamak ýaly hojalyk hysyrdylaryndan azat.
Syýahat gämisinde ýolagçylaryň köpüsi kaýutalary uzak möhlet bilen kärendesine alypdyrlar. Gäminiň eýesi bolan kompaniýanyň direktorynyň aýtmagyna görä, olaryň arasynda Nobel baýragynyň eýesi, astronawt we Ak tamyň edarasynyň öňki ýolbaşçysy hem bar.
Bu barada «The Mirror» gazetine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.