Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda şu ýylyň alty aýynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýerine ýetirilen dürli görnüşli önümçilik işleriniň pul mukdaryndaky möçberi 10,5 million manatlyga golaýlady.
Kärhanada ýarym ýylyň dowamynda ýygnama demir-beton önümleriniň 14 müň kub metrden gowragy taýýarlanyldy we welaýatyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan täze gurluşyklara ugradyldy. Netijede ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterime deň boldy.
Kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri, önümçilige ornaşdyrylýan ýokary öndürijilikli tehnologiýalar, armaturalary kebşirleýji, beton garyjy hem-de ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar çykarylýan önümleriň görnüşlerini köpeltmekde, olaryň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.
Zawodda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň 20-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
