Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynyň Jhanski şäherinde erkek kişi toýundan 18 sagat soň aýrylyşmak barada kazyýete ýüz tutdy, muňa aýalynyň başga kasta degişlidigi sebäp boldy. Bu barada «Free Press Journal» neşirine salgylanýan «vfokuse.mail.ru» gürrüň berýär.
Waka 28-nji iýunda boldy, öýlenýän ýigidiň kakasynyň sözlerine görä, toýdan öň gelinligiň dogan-garyndaşlary iki maşgalanyň hem bir kasta degişlidigi barada ant içip, awy ýaladylar. 27-nji iýunda ybadathanada nikalaşmak bilen bagly dini däbi berjaý etdiler, emma ertesi meýlis başynda gelinligiň serhoş dogany hakykaty dilinden sypdyrdy. Onuň başga kastadandyklary barada sözleri hakyky gopgun döretdi, şondan soňra gelinligi dogan-garyndaşlary öýlerine äkitmeli boldular.
Ertesi maşgalalaryň ikisi-de polisýa nikany ýatyrmak barada ýüz tutdular. Dawany taraplaryň razylygy boýunça sazlamak başartdy.
Hindistanda kasta degişlilik nika babatda henize çenli möhüm hasaplanýar we şeýle nika bozulyşyklar seýrek bolmaýar diýlip, habarda bellenýär.
