Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Wawilonyň senasyny dikeltdiler

16:1603.07.2025
0
16699
Alymlar emeli aňyň kömegi bilen Wawilonyň senasyny dikeltdiler
Surat: Vfokuse.mail.ru

LMU edarasynyň we Bagdadyň uniwersitetiniň alymlaryndan düzülen halkara alymlar topary özboluşly edebi ýadygärligi – Wawilonyň senasyny doly dikeldip, onuň tekstini «Iraq» žurnalyndan çap etdiler, ýazgy indi klinopis çeşmeleriň ählumumy elektron kitaphanasyna giriziler.

Eser mundan tas müň ýyla golaý ýitirilen diýlip hasaplanýardy. Gürrüň Mesopotamiýanyň iri şäheri bolan Wawilona bagyşlanan gadymy sena barada barýar. Klinopis usulynda toýun tagtalaryň ýüzüne ýazylyp, Sippara kitaphanasynda onuň bir bölegi saklanýardy, olar rowaýat görä, Nuhuň tupany wagtynda halas edilen hasaplanýardy.

Emeli aňyň we «Electronic Babylonian Library» platformasynyň kömegi arkaly alymlara dürli böleklerdäki ýazgy parçalaryny deňeşdirmek başartdy, bu bolsa öň ýitirilen 250 setirden ybarat ýazgyny doly dikeltmäge mümkinçilik berdi.

Senada tebigatyň, Wawilonyň şäher binagärliginiň beýanyndan başga, şäherlileriň durmuşy, zenan dini däpleri, şeýle-de Ýewfratyň bahar joşguny we meýdanlaryň güle beslenişi ýaly mesopotamiýa edebiýaty üçin seýrek bolan tebigat hadysalary beýan edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň