Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

10:3903.07.2025
0
16844
Türkiýede Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Surat: TRT Avaz

Türkiýe Respublikasynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar bilen birlikde, Türkmenistanyň eksport mümkinçilikleriniň täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary tanyşdyrylýar.

Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly pudaklarynyň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat gatnaşyp, bu sergileriň bir wagtda geçirilmeginiň ähmiýetine we türkmen wekiliýetiniň ýokary işjeňligine ünsi çekdi diýip, «Anadolu» habarlar agentligi habar berýär.

Ministriň aýtmagyna görä, ugurdaş guralan forumlaryň çäginde türkmen we türk işewürleriniň arasynda B2B görnüşinde iş duşuşyklary geçirildi. Bu duşuşyklar hyzmatdaşlygyň giňelmegine ýardam berýär.

Ö.Bolat iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň çalt depginde ösýändigini aýratyn belledi:

«Geçen ýyl özara söwda dolanyşygy 2,2 milliard amerikan dollaryndan geçip, 8,35 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda bu ösüş 26,5 göterime ýetdi. Eger bu depgin saklansa, indiki ýyl biz 3 milliard amerikan dollarlyk çägi aňsatlyk bilen geçeris» diýip, ministr aýtdy.

Ol iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan bellenen ýyllyk 5 milliard amerikan dollarlyk söwda dolanyşygy maksadyna ýetmek ugrunda iki tarapyň hem tutanýerlilik bilen işleýändigini tassyklady.

Şonuň ýaly-da, ministr türk gurluşyk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň infrastruktura taslamalaryna giň gerimde gatnaşýandygyny belläp geçdi.

Başga möhüm üstünlikleriň arasynda Bolat tebigy gaz boýunça gazanylan öňegidişliklere hem üns çekip, şeýle diýdi: «Şu ýyl tebigy gaz boýunça möhüm ädim ädildi – bu Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen gaz import etmek boýunça «swap» ylalaşyklaryny, şeýle hem türkmen gazynyň Ýewropa bazaryna Türkiýäniň üsti bilen ýetirilmegini öz içine alýar».

Ministr 2026-njy ýylyň 13 —15 fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň geçiriljekdigini hem yglan etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän halkara sergi 2 – 5-nji iýul aralygynda dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň