Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynda saparda boldy

08:3003.07.2025
0
13108

22 — 26-njy iýun aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad we Mekge şäherlerinde saparda boldy.

Saparyň dowamynda Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkezi bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat guraldy.

Ylmy maslahatyň işine Saud Arabystany Patyşalygynyň medeniýet we ylym boýunça döwlet edaralarynyň wekilleri, alymlar we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Çäräniň çäklerinde Patyşa Abdylaziz adyndaky ylmy merkeziň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy-barlag we gözlegler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

25-nji iýunda türkmen wekiliýetiniň Mekge şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary «Haram al-Mekki el-Şerif» kitaphanasynyň we Mukaddes Kurany-kerem muzeýiniň işi bilen tanyşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň