Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Sewilýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar

22:4202.07.2025
0
18544
Türkmenistan Sewilýada geçirilýän Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar
Surat: mfa.gov.tm

30-njy iýun — 3-nji iýul aralygynda Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata (FFD4) gatnaşýar.

Çärä döwlet we hökümet Baştutanlary, BMG-niň Baş sekretary, Bütindünýä bankynyň, Halkara Pul Gaznasynyň, BSG-niň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahatyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan ösüşi maliýeleşdirmäge täzelenen ählumumy çemeleşmäniň maslahatyň möhüm wakalarynyň biri bolup durýandygyny belledi. M.Astanagulow Jemleýji resminamada görkezilen maslahatlara, şol sanda Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin Hereketleriň meýilnamasyny öz içine almak bilen degişli ösüş maksatnamalaryna we strategiýalaryna Türkmenistanyň ygrarly boljakdygyny belledi.

Çäräniň dowamynda maslahatyň dünýä, milli we ýerli derejelerde maliýe ulgamlaryny özgertmek, şol sanda halkara maliýe arhitekturasynyň üýtgemegine goldaw bermek we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekde maýa goýumlarynyň çekilmegine päsgel berýän böwetleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçiligi döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem ählumumy ykdysady özgerişler şertlerinde durnukly ulag ulgamlarynyň ösdürilmeginiň, maddy-tehniki arabaglanyşygyň we dünýä derejesinde ygtybarly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň durnukly ösüşi maliýeleşdirmek, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bu döwletlerde ýüze çykýan meseleleri çözmekde netijeli strategiýalary kesgitlemek ýaly meseleler boýunça dialogy ösdürmek üçin möhüm platforma hökmünde hyzmat etjekdigine ynam bildirildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň