Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen mugallymlary iňlis dili boýunça Kembrij şahadatnamalaryny aldylar

16:5702.07.2025
0
19478

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 14 mugallymy iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullary boýunça üç aýlap dowam eden onlaýn okuwlardan soň, Kembrij synag merkeziniň TKT (Teaching Knowledge Test) halkara şahadatnamalaryny aldylar.

Bu okuw Britan bileleşiginiň we Nottingem Trent uniwersitetiniň goldaw bermegi netijesinde geçirilen Merkezi Aziýada iňlis dilini okatmagy çaltlaşdyrmak (AELLCA) taslamasynyň çäklerinde 2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlary aralygynda geçirildi.

Türkmen mugallymlaryny çuňňur taýýarlamak bilen bagly okuwlar britan uniwersitetiniň hünärmenleri Stiw Şarp we doktor Sem Barkli tarapyndan alnyp baryldy. TKT iňlis dilini okatmagyň dürli ugurlarynda bilimleri barlaýan we bu ugurda halkara derejede ykrar edilen modully pedagogik şahadatnamalaryň toplumydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň