Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gaýtadan işlenen çig maldan mis kabellerini öndürýän ilkinji zawod açyldy

14:4502.07.2025
0
25363

Türkmenistanda NESIL brendi bilen gaýtadan işlenen mis çig malyndan kabel öndürýän kärhana ilkinji gezek işe girizildi. Täze brend diňe bir önümçilik desgasy hökmünde bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol senagatyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň we bar bolan ätiýaçlyklara ekologiýa taýdan jogapkärçilikli çemeleşmegiň mysaly hökmünde özüni tanadýar.

Gaýtadan işlenen misden kabel öndürmek önümçiligiň özüne düşýän bahasyny ep-esli peseldýär, importy azaltmaga, serişdeleri tygşytlamaga we daşky gurşawa agram salmany ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Şunda NESIL brendiniň önümleri tehniki aýratynlyklary boýunça halkara standartlaryna laýyk gelýär hem-de ol çylşyrymly şertlerde ulanmak üçin uýgunlaşdyrylandyr.

Bu taslama ýurduň ykdysadyýeti üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir — NESIL kärhanasynyň işe girizilmegi bilen köpsanly täze iş orunlary döredildi, bu bolsa ýerli önümçilik kuwwatlyklarynyň ösmegine we ilatyň iş bilen üpjünçiligine uly ýardam berýär.

Kompaniýanyň şygary —«Nesilden-nesile» — ol nesilleriň dowamatyny, ekologiýa jogapkärçiligini we durnukly geljege ymtylyşy aňladýar. Häzirki wagtda NESIL brendi eýýäm ýerli potratçylar we döwlet guramalary bilen şertnamalary baglaşyp başlady, bu bolsa milli önüme bildirilýän ynamyň we ykdysady netijeliligiň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Telefon: +99363764434

Sosial sahypasy hem elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň