Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazygynda ýene bir täze mekdep gurulýar

14:4002.07.2025
0
19650

Daşoguz welaýatynyň «Gülüstan» ýaşaýyş toplumynda 600 okuwçy orunlyk häzirki zaman umumybilim berýän täze orta mekdebiň gurluşygyna girişildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Iki gatdan ybarat boljak täze mekdep 3,5 gektar meýdany eýelär we umumybilim edaralary üçin talap edilýän ähli ülňülere laýyk geler.

Täze gurluşyk ýaşaýyş toplumynda gurulýan çagalar bagynyň ýanynda ýerleşýär. Mekdepde häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, şol sanda interaktiw tagtalar ulanylar.

Mekdebiň ýanaşyk ýerlerinde gök otly futbol meýdançasy, geografiýa we zoologiýa meýdançalary, okuwçylaryň ýol hereketi düzgünlerini öwrenmekleri üçin ýörite meýdança, bedenterbiýe maşklary üçin ýerler, tehniki maksatly desgalar we başga-da birnäçe desgalar göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýatynda häzirki wagtda umumybilim berýän mekdepleriň 500-den gowragy üstünlikli işleýär, olaryň hatarynda mekdep-internatlar hem bar. Mekdepleri häzirki zaman kompýuter enjamlary bilen üpjün etmek arkaly ýokary hilli bilim gurşawyny döretmäge aýratyn üns berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň